LUKMANÇYLYK

Lebaply lukmanlar dünýä döwletlerinde hünärini kämilleşdirýärler

 Lebaply saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy bilen dünýä döwletlerinde saparda bolup, ösen tejribäni özleşdirip gelýärler. Golaýda welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmanlarynyň ikisi Germaniýada hünär kämilleşdiriş okuwlarynda boldy.   Lukmanlara daşary ýurtly kärdeşleri bilen sanly ulgam arkaly tejribe alyşmak üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär.  Bu zatlaryň ählisi welaýatdaky iri saglygy goraýyş merkezlerinde has çylşyrymly bejergileriň hem örän ýokary derejede alnyp barylmagyna giň ýol açýar.

 Munuň özi lebaply lukmanlaryň hünär tejribeleriniň artýandygyna we olaryň ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň ösmegine mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryna doly şaýatlyk edýär.