LUKMANÇYLYK

Lebaply lukmanlar döwlet sylagyna mynasyp boldular

Şenbe güni Myrat Garryýew döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleri we lukmançylyk senagaty gününe bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çäräniň çäginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, hormatly atlar we döwlet sylaglary bilen sylaglanan saglygy goraýyş işgärlerine mynasyp bolan sylaglary gowşuryldy. Şeýle hem daşary ýurtly hünärmenleriň birnäçesine bu uniwersitetiň hormatly professory derejesi berildi.
Hormatly atlara we döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlaryň arasynda Lebap welaýatynyň saglygy goraýyş işgärleri hem bar. Has takygy, Lebap welaýat ýokanç keselleri hassahanasynyň merkezleşdirilen barlaghanasynyň lukmany Şirin Jumakulyýewa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna, welaýat köpugurly hassahanasynyň toksikologiýa we gemodializ bölüminiň müdiri Myrat Haknazarow «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply