LUKMANÇYLYK

Lebaply lukmanlar daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwlarynda boldular

Lebap welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmanlarynyň 2-si Russiýa Federasiýasynda, welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmanlaryň 8-si bolsa Germaniýa Federatiw Respublikasynda bir aýlyk hünär kämilleşdiriş okuwlarynda boldular.

Olar rus we nemes lukmanlarynyň işe tejribesini öwrendiler we öz ugurlaryndan tejribe alyşdylar. Bir aýlyk okuwyň dowamynda lebaply lukmanlar dürli keselleri bejermegiň baran ýurtlaryndaky ulanylýan täze usullary bilen tanyşdylar, şonuň ýaly-da olary tejribede ulanmagyň başarnyklaryny kämilleşdirdiler.

Lukmanlar öwrenenlerini iş tejribesinde peýdalanýarlar we alan bilimlerini kärdeşleri bilen paýlaşýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: