Lebaply lukman üstünlikli zähmet çekýär
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany Parhat Şükürow mundan sekiz ýyl ozal Gahryman Arkadagyň gol çeken resminamasy esasynda ol Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanyldy.
Sanlyja günlerden ýene nobatdaky gezek hünär baýramyny garşylajak lukman geçen asyryň segseninji ýyllaryndan bäri bu kärde üstünlikli zähmet çekýär.
Ol baryp 1986-njy ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň gapysyndan ätläpdir. 1995-nji ýylda ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan lukman şondan bäri halkyň hyzmatynda.
Lukmançylygyň iň çylşyrymly ugurlarynyň biri bolan hirurgiýany saýlan Parhat Şükürowyň gyzy Maýsa hem häzirki wagtda Çärjew etrabynyň Farap şäher hassahanasynda işleýär. Tejribeli lukmanyň ogly Merdan bolsa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bilim alýar.
Lukman 2018-nji ýylda welaýat köpugurly hassahanasynyň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmeginiň bahasyna ýetip bolmajak serpaýdygyny aýratyn belleýär.