LUKMANÇYLYK

Lebaply lukman gan basyşy barada maslahatlaryny berdi

«Türkmen gündogary» gazetinde çap edilen söhbetdeşlikde Welaýat köpugurly hassahanasynyň newrologiýa bölüminiň müdiri Ýusup Ergeşow gan basyşynyň ýokarlanmagy we peselmegi bilen bagly meseleler barada gürrüň berdi. Lukmanyň bellemegine görä, gan basyşynyň kadadakydan ýokarlanmagy gipertoniýa, peselmegi bolsa gipotoniýa diýlip atlandyrylýar we bu ýagdaýlar köplenç orta hem-de uly ýaşly adamlarda duş gelýär. Gan basyşynyň derejesi ýüregiň işleýşine, damarlaryň daralmagyna, ganyň goýulygyna hem-de bedendäki garşylyga bagly bolup, ölçegler, adatça, 120/80 ýa-da 130/90 ýaly sanlar arkaly kesgitlenilýär.
Söhbetdeşlikde gan basyşynyň näsazlyklaryna sebäp bolýan ýagdaýlara-da üns çekilýär. Agyr fiziki iş, duýgusal tolgunmalar, semizlik, nädogry iýmitlenmek, endokrin bozulmalar, zyýanly endikler hem-de nesilleýin meýillilik bu näsazlyklaryň döremegine getirip biler. Lukman gan basyşynyň öňüni almak üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň, yzygiderli hereket etmegiň, arassa howada gezelenç etmegiň, dogry iýmitlenmegiň we lukmançylyk barlaglaryndan wagtal-wagtal geçmegiň möhümdigini nygtaýar. Şeýle çäreleriň saglygy goramakda we uzak ýaşamagy üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigi bellenilýär.