Lebaply küştçüleriň dördüsi dünýä çempionatyna gatnaşýar
Şu günler lebaply küştçüleriň dördüsi 14 ― 18 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň arasynda geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýarlar. Düýn ― 13-nji noýabrda başlanyp, 18-nji noýabrda tamamlanjak çempionat Italiýanyň Montesilwano şäherinde geçirilýär.
Dünýä çempionatyna Türkmenistandan jemi 6 türgen wekilçilik edýär. Olaryň ikisi 14, ikisi 16, galan ikisi hem 18 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky ýaryşa gatnaşýar. Şol türgenleriň dördüsi Lebap welaýatynyň wekillidir.
Has takygy, 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Türkmenabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Mähri Agamyradowa, 16 ýaşa çenlilerde welaýat merkezindäki 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Sanjar gaýbullaýew we dänewli mekdep okuwçysy Leýla Şöhradowa, 18 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda bolsa Leýlanyň dogany Lala Şöhradowa ýaryşýar.
Bu ýaryş, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ýaş küştçi türgenler üçin möhüm ähmiýetli sport ýaryşlaryň biridir. Sebäbi onda ýeňiji bolanlara halkara sport ussady ýa-da FIDE-niň ussady diýen at berilýär. Çempionata 93 ýurtdan 800 töweregi adam gatnaşýar.
Çempionatda şweýsariýa oýun ulgamyna laýyklykda jemi 11 tapgyr oýnalar. Çempionatyň geçirilişine lichess.org ýaly dürli web-saýtlar arkaly onlaýn tomaşa edip bolar.