SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply küştçüler Ýokary liganyň ýeňijileri boldular

Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň duşuşyklary geçirildi.
Erkekleriň we zenanlaryň arasynda aýry-aýrylykda geçirilen çempionata ýurdumyzyň iň güýçli küştçüleriniň 24-si gatnaşdy. Olaryň aglabasynyň welaýatymyzyň türgenleridigi aýratyn guwandyryjydyr.
Has takygy, erkekleriň arasyndaky ýaryşda biziň welaýatymyza Şageldi Kurbandurdyýew bilen Ilhan Çaryýew wekilçilik etdi. Birinji ligada goşa ýeňiş gazanyp, ýokary ligada erkekleriň arasynda ýaryşmak hukugyna eýe bolan Lala Şöhradowa bilen Wepaly Halnyýazow hem küştüň Lebap mekdebiniň uçurymlary. Häzir bu küştçüleriň ikisi hem talyp. Lala Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, Wepaly bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda bilim alýar.
Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa biziň welaýatymyza Leýla Şöhradowa, Jahan Rejebowa, Gülmira Seýilhanowa, Mähri Agamyradowa, Mähri Aýmakowa, Jennet Durdyýewa hem-de Aýa Baýramowa wekilçilik etdiler.
Erkekleriň arasyndaky ýaryşda küştüň Lebap mekdebiniň uçurymlaryna taý tapylmady. Wepaly Halnyýazow mümkin bolan 11 utukdan 7,5 utuk toplap, birinji orny eýelän bolsa, Lala Şöhradowa ýurdumyzyň iň güýçli erkek küştçüleriniň 10-syny yzda galdyryp, ikinji ornuň eýesi boldy. Dänewli türgen Şageldi Kurbandurdyýew bolsa 5 utuk bilen ilkinji ýedilige girmegi başardy.
Şeýle üstünlikli çykyşlary zenanlaryň arasyndaky ýaryşda hem görýäris. Türkmenabatly küştçi Jahan Rejebowa ýokary liganyň iki topary boýunça alnan iň kän utugy gazanyp, 9,5 utuk bilen ýurdumyzyň zenanlarynyň arasyndaky ýaryşyň çempiony boldy. Paýtagtly küştçi Ogulsuraý Baýrambaýewanyň ikinji orny eýelän ýaryşynda hormat münberiniň üçünji basgançagyna Leýla Şöhradowa çykdy. Şeýle hem ýaryşda Gülmira Seýilhanowa altynjy, Mähri Aýmakowa ýedinji, 10 ýaşly Aýa Baýramowa dokuzynjy, Mähri Agamyradowa onunjy, Jennet Durdyýewa bolsa on birinji orunlary eýelediler.
Şu günler 8 ― 12 ýaş aralygyndaky çagalaryň arasyndaky milli birinjilikler dowam edýär. Bu ýaryşa hem lebaply küştçüleriň birnäçesi gatnaşýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: