SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply küştçüler ýokary liga üstünlikli girişdiler

Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň esasy ýaryşyna ― ýokary liga badalga berildi. Lebap welaýatyna wekilçilik edýän we sport ýoluna biziň welaýatymyzda girişen küştçüler ýaryşa üstünlikli girişdiler.
Erkeklerden we iň güýçli zenan türgenlerden ybarat açyk toparda biziň welaýatymyza Ilhan Çaryýew bilen Gurbanmyrat Rüstemow wekilçilik edýär. Bu toparda ýaryşýan Leýla Şöhradowa bilen Wepaly Halynyýazowyň hem küştüň Lebap mekdebiniň uçurymlarydygyny ýatladýarys.
Ilkinji iki tapgyrdan soň Gurbanmyrat Rüstemow, häzirlikçem üçünji orunda barýar. Aslynda, ol ikinji orundaky paýtagtly türgen Ahmet Gubataýew bilen deň ― 1,5 utuk toplady. Ahmet käbir görkezijiler boýunça Gurbanmyratdan rüstem. Wepaly Halynyýazow, häzirlikçe, ilkinji dörtlükde.
Zenanlaryň arasynda ýaryşda welaýatymyza Jahan Rejebowa, Mähri Agamyradowa we Gülmira Seýilhanowa wekilçilik edýär. Şeýle hem bu toparda Türkmenistanyň zenanlar reýtinginiň kerwenbaşysy, Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň uçurymy Lala Şöhradowa hem bar.
Ilkinji iki tapgyrdan soň lebaply küştçüler ýaryşyň başyny çekýär. Her haýsy 1,5 utukdan toplan türgenlerimizden Gülmira Seýilhanowa birinji, Jahan Rejebowa ikinji, Lala Şöhradowa bolsa üçünji orunda. Birinji ligada üstünlikli çykyş edip, ýokary liga çykmaga hukuk gazanan Mähri Agamyradowa heniz ýurdumyzyň iň güýçli zenan küştçüleri bilen geçirýän duşuşyklarynda utuk gazanmak başardanok.
Ýokary liganyň duşuşyklary 7 tapgyrdan ybarat bolar.