SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply küştçüler ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşdylar

Lebaply küştçüler Petrowas şäherinde (Çernogoriýa) 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda tamamlanan küşt boýunça dünýä çempionatynda özlerine berlen derejede çykyş etdiler.
Bäsleşige 60-dan gowrak ýurtdan 255 sany iň güýçli ýaş küştçi gatnaşdy. Olar iki görnüşde – açyk (Open) we gyzlaryň arasynda iň güýçlini kesgitlemek üçin Şweýsar ulgamy boýunça 11 aýlawda ýaryşdylar. Açyk görnüşde 157, zenanlar toparynda bolsa 98 küştçi bäsleşdi.
Ýaryşa Türkmenistandan alty küştçi (üç oglan we üç gyz) gatnaşdy. Olaryň bäşisi FIDE görkezijisini ýokarlandyrdylar. Iň köp dereje görkezijisini ýurdumyzyň 2025-nji ýyldaky çempiony Wepaly Halnyýazow gazandy. Ol öňki 2157 utugynyň üstüne ýene 65 utuk goşdy. Serdar Baýramowy (2007+56) we Gülmira Seýilhanowany-da (1,939+51) bellemek gerek.
Hindi grossmeýsteri Wenkateş Pranawyň (FIDE görkezijisi – 2615) 9 utuk bilen dünýä çempiony bolan açyk görnüşde türkmen küştçüleriniň arasynda iň gowy netijäni (5,5 utuk we 157-den 81-nji ýer) Amanmuhammet Hommadow görkezdi. Wepaly Halnyýazow 5 utuk, Serdar Baýramow bolsa 4 utuk toplady.
Zenanlar toparynda dünýä çempiony diýen ada 9 utuk gazanan 16 ýaşly russiýaly Anna Şuhman (FIDE görkezijisi – 2365) mynasyp boldy. Ýetginjekler dünýä çempionatyna ikinji gezek gatnaşan Lala Şöhradowa 5 utuk bilen 98 ýerden 66-njy ýeri eýeledi. Onuň jigisi Leýla Şöhradowa we Gülmira Seýilhanowanyň hersi 4,5 utuk toplap, ýaryşy, degişlilikde, 71-nji we 70-nji orunlary eýelemek bilen tamamladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: