Lebaply küştçüler Türkmenistanyň Ýokary ligasynda ýaryşar
Lebaply küştçüler 10-njy fewralda başlanjak Türkmenistanyň Ýokary ligasynda ýaryşarlar.
Erkekleriň arasyndaky ýaryşda Lebap welaýatyna Şageldi Kurbandurdyýew bilen Ilhan Çaryýew wekilçilik eder. Birinji liganyň garyşyk görnüşde geçirilen (erkekler we zenanlar bilelikde) ýaryşynda altyn medala mynasyp bolan dänewli küştçi gyz Lala Şöhradowa hem Ýokary ligada erkekleriň arasynda ýaryşmaga hukuk gazandy.
Bu bolsa zenanlaryň arasyndaky ýaryşda ýene bir ornuň açylmagyna şert döretdi. Ýokary liganyň zenanlaryň arasyndaky ýaryşynda ýurduň gündogar sebitine Leýla Şöhradowa, Jahan Rejebowa, Gülmira Seýilhanowa, Mähri Agamyradowa, Mähri Aýmakowa, Jennet Durdyýewa we Aýa Baýramowa dagylar wekilçilik eder.
Düzgünnama görä, bu ýaryşlarda öňdäki bäş orny eýelän türgenler geljek ýylda-da Birinji liganyň duşuşyklaryna gatnaşmasyzdan, göni Ýokary ligada ýaryşmaga hukuk gazanýarlar.
2025-nji ýylda geçiriljek halkara ýaryşlara gatnaşjak milli ýygyndymyz Ýokary liganyň netijelerine görä düzüler.