Lebap welaýatynyň küştçüleri Aşgabat şäherinde şu gün tamamlanjak Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşda öňdäki orunlaryň birnäçesini eýelediler.
Küştüň adat görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlardan soň «A» toparçasynda (reýting utugy 1700-den kän bolan küştçüleriň arasynda) lebaply 14 ýaşly küştçi Jahan rejebowa taý tapylmady. Bu ýaryşda ikinji orny hem Lebap welaýatyndan Mähri Agamyradowa eýeledi.
«B» toparçasynda erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda öňdäki üç orny hem lebaply küştçüler eýeledi. Şunda Ýunus Joraýew birinji, Didar Baltaýew ikinji, Burhan Ýegengulyýew bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Şu toparçada gyzlaryň arasynda Lebap welaýatyndan Nurana Jumanyýazowa bilen Aýýa Baýramowa ilkinji iki orny eýeledi.

