SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply küştçüler Türkmenistanyň çempionlary boldular

Aşgabat şäherinde küşt boýunça 14, 16 we 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen çempionatda Lebap welaýatynyň küştçüleri öňdäki orunlaryň agramly bölegini eýeläp, toparlaýyn birinji orna mynasyp boldular.

Has takygy, welaýatyň küştçüleri nusgawy görnüşde 9, rapid görnüşinde 10, blisde hem 9 medala mynasyp boldular. Üç görnüşiň jemi boýunça gündogarly küştçüler altyn medallaryň 12-sini, kümüş medallaryň 7-sini we bürünç medallaryň 9-syny gazandylar.

Gazanylan üstünliklerde Gülmira Seýilhanowa, Lala we Leýla Şöhradowalar, Mähri Agamyradowa, Gurbanmyrat Rüstemow, Ilhan Çaryýew ýaly küştçüleriň aýratyn uly paýy bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: