Ýakynda geçirilen küşt boýunça Türkmenstanyň birinjiligi sportuň bu gadymy görnüşi boýunça täze zehinleri ýüze çykardy. Däp bolşy ýaly, ýetginjekleriň arasyndaky birinjilik 14, 16 we 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçirildi.
Küştüň üç görnüşi ― adaty, rapid we blitz görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşda gündogar sebitden gatnaşan küştçüleriň has üstünlikli çykyş edendiklerini nygtamak gerek. Olar üç görnüş boýunça altyn medallaryň 12-sine, kümüş medallaryň 10-syna we bürünç medallaryň 9-syna mynasyp boldular. Şeýle hem ýaryşda Mary welaýatynyň we paýtagtymyzyň türgenleri öňdäki orunlary eýelediler.
Lebaply küştçüler türkmenistanyň bitinjiliginde 31 medala mynasyp boldular
10
Feb
