SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply küştçüler Türkmenistanyň birinjiliginde ýokary derejede çykyş etdiler

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň küşt boýunça ilkinji milli ýaryşy
ýakynda paýtagtymyzda geçirildi. Ol 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda ýakynda
paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň birinjiligidir.
Soňky ýyllarda türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda diýseň üstünlikli çykyş etmegi
küşte höwesek ýaşlaryň, ýetginjekleriň we çagalaryň barha köpelmegine sebäp
bolýar. Şu gezekki milli birinjiligi hem reýtingde 1400-den kän utugy bolan zehinli ýaşlaryň 100-den gowragy gatnaşdy. Şunda ýene bir ýagdaýa ünsi çekmek gerek. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Ýokary we birinji ligasynyň aglaba wekilleri şu ýaş derejesindedir. Şonuň üçin hem bu ýaryş özüniň ähmiýeti boýunça ýurdumyzda ikinji derejeli ýaryş hökmünde görülýär. Gerek bolsa, onuň ähmiýeti has ýokary ýaş derejelerindäki milli çempionatlaryndan hem ýokarda.
Adatça bolşy ýaly, milli birinjilik küştüň adaty, rapid we blis görnüşleri boýunça
geçirildi. Adaty görnüşde oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby, küştüň Lebap mekdebiniň uçurymy Wepaly Halnyýazowa taý tapylmady. Ol mümkin bolan 11 utukdan 9-syny ýygnap, 63 türgeniň arasynda iň ýokary netijäni görkezdi. Adaty görnüş boýunça gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Lala Şöhradowa hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdy. Ol hem edil Wepaly ýaly, ýaryşy 9 utuk bilen tamamlady.
Bu iki türgen küştüň rapid görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda hem öňüne adam
geçirmedi. Bir tapawutly tarapy ― Wepaly bu gezek 9,5 utuk gazanyp bilen bolsa, Lala ýene-de ýaryşy 9 utuk bilen tamamlady.
Küştüň çalt oýnalýan görnüşleriniň ýene biri bolan blis ýaryşynda bolsa çempionlar üýtgedi. Has täsin tarapy, öňki iki görnüşiň çempionlary bu gezek ilkinji üçlüge hem düşüp bilmediler. Has takygy, bu görnüşde oglanlaryň arasynda mümkin bolan 11 utugyň ählisini gazanyp, tutuş ýaryşyň rekordyna eýe bolan Dänew etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şageldi Gurbandurdyýew birinji orny eýeledi. Şu görnüşde gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa Şageldi bilen bir mekdepde, ýöne 12-nji synpda okaýan Leýla Şöhradowa ýeňiji boldy. Ol ýaryşy 10 utuk bilen tamamlady. Ýeri gelende aýtsak, ýaryşda iki görnüşde hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykan Lala Şöhradowa hem şu mekdebiň uçurymydyr.
Milli birinjilikde gazanylan ýeňişler türgenlere 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda
geçiriljek yklym we dünýä çempionatlaryna gatnaşmak mümkinçiligini bagyşlaýar. Üstümizdäki ýylda şu ýaş derejesindäki dünýä çempionatyny 23-nji fewraldan 8-nji marta çenli aralykda Çernogiriýada geçirmek meýilleşdirilýär.