SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply küştçüler Türkmenistanyň birinjiliginde 51 medal gazandylar

11-nji ýanwarda Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen küşt boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginde Lebap welaýatynyň wekilleri aýratyn tapawutlandylar. 7 ýaşdan 17 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda klassiki küşt, rapid we blis ugurlarynda guralan bu ýaryşa Lebap welaýatyndan 109 okuwçy gatnaşyp, olaryň köpüsi ýokary netije görkezdi. Ýaryşyň jemleri boýunça Lebap welaýatynyň topary umumy medal sanawynda birinji orny eýeläp, 108 medal toplumynyň 51-sini gazandy. Şolaryň 20-si altyn medal bolup, bu görkeziji ähli altyn medallaryň 55,6 göterimini düzdi.
Ýaryşda lebaply ýaş küştçülerden Hangeldi Myradow bilen Bahar Jumaýewa 7 ýaşa çenli derejede üç altyn medal gazanyp, bäsleşigiň iň parlak ýyldyzlaryna öwrüldiler. Şeýle-de Bägül Jumaýewa (9 ýaşa çenli) we Nurhan Babanazarowa (15 ýaşa çenli) iki altyn medala mynasyp boldular. Çalt küşt ugurlarynda bolsa Maksat Öwlýakulyýew (11 ýaşa çenli) hem-de Gurbanmyrat Rüstemow (17 ýaşa çenli) rapid we blis boýunça iki altyn medalyň eýesi boldular. Lebaply küştçüleriň bu üstünlikleri welaýatda küşt sportuna berilýän ünsi we ýaş zehinleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan netijeli işleri aýdyň görkezýär.