Türkmenistanyň küşt boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri 14 — 17-nji maý aralygynda Astana şäherinde geçirilen erkekleriň we zenanlaryň arasynda ilkinji türki döwletleriň toparlaýyn çempionatynda, şeýle hem 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň türki döwletleriniň küşt olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, jemi 4 medal gazandylar. Bu üstünliklerde Lebap welaýatynyň wekilleri Läle Şöhradowanyň we Jahan Rejebowanyň hem saldamly paýy bar.
Ýaryşlara Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ýygyndy toparlary gatnaşdy. Meýdança eýesi hökmünde Gazagystan her ýaryşa iki topar bilen wekilçilik etdi. Her toparyň düzümine 4 esasy oýunçy, 1 ätiýaçdaky oýunçy we kapitan girdi. Bäsleşiklerde wagt gözegçiligi «täze klassika» görnüşinde — her döw üçin 45 minut we her göçümden soň goşmaça 30 sekunt hökmünde kesgitlendi.
Erkekleriň arasyndaky ýaryşda 13 grossmeýster we 18 halkara ussady çykyş etdi. Türkmenistanyň ýygyndysynyň öňdebaryjylary grossmeýsterler Saparmyrat Atabaýew we Meýlis Annaberdiýew boldular. Netijede, Saparmyrat Atabaýew birinji tagtada üçünji orny eýeledi.
Zenan toparlarynyň arasyndaky bäsleşikde Türkmenistanyň gyzlar ýygyndysy 6 utuk toplap, hormatly bäşinji orna mynasyp boldy. Bu ugurda Lebap welaýatynyň wekilleri aýratyn tapawutlandylar. Läle Şöhradowa birinji tagtada üçünji orny eýelese, Jahan Rejebowa üçünji tagtada ikinji orna mynasyp boldy. Şeýle hem ýetginjekleriň ýaryşynda türkmen küştçüsi Dilber Hupbyýewa dördünji tagtada üstünlikli çykyş edip, üçünji orny eýeledi.
Ýaryşlaryň guramaçylary hökmünde FIDE, Gazagystan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministrligi, Gazagystanyň Küşt federasiýasy, Gazagystanyň milli sport uniwersiteti hem-de Astana şäher häkimligi çykyş etdiler. Ýaryşlaryň çäklerinde Türk Küşt assosiasiýasyny döretmek boýunça işler hem dowam etdirildi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew bu ugurdaky iş duşuşyklaryna we ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşdy.
Lebaply küştçüler türki döwletleriň toparlaýyn çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler
20
May

