SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply küştçüler TKF-niň kubogynda öňdäki orunlaryň birnäçesini eýelediler

Aşgabatda ýurdumyzyň milli küşt senenamasyndaky iň ähmiýetli ýaryşlaryň biri
— Türkmenistanyň Küşt Federasiýasynyň Kubogy tamamlandy. Ýaryş 19 ― 27-nji oktýabr aralygynda paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirildi.
Çekeleşikli tutluşyklaryň netijesinde Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby, sport ussady Wepaly Halnyýazow ýeňiji boldy. Küştüň lebap mekdebiniň uçurymy bu ýaryşda 11 mümkin bolan utukdan 9 utuk gazanyp, ynamly birinji orny eýeledi. Şeýle hem, ol reýtingini 22,2 orna ýokarlandyryp, milli küşt sportunyň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde öz ornuny berkidýär.
Zenanlaryň hasabynda iň gowy netijäni ýene bir lebaply küştçi ― Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Leýla Şöhradowa görkezmegi başardy. Ol 11 mümkin bolan utukdan 7,5 utuk toplap, zenanlaryň arasynda birinji orny eýeledi. Leýla hem Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň okuwçysy.
Ikinji orna Türkmenabat şäherindäki 41-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň okuwçysy Gülmira Seýilhanowa eýe boldy, üçünji orny bolsa geljegi uly bolan 15 ýaşly küştçi Jahan Rejepowa eýeledi, ol hem Lebap welaýatyndan bolup, Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň agzasydyr.
Federasiýanyň Kubogynyň esasy ýaryşynda (A dereje) medallardan başga-da 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Ýokary ligasyna gatnaşmak hukugy hem berildi. Bu hukuga Ahmet Gubataýew we Leýla Şöhradowa eýe boldular, sebäbi Wepaly Halynýazowyň eýýäm Ýokary liga gatnaşmak hukugy bardy.