SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply küştçüler Tailandda dört medal gazandylar

Lebap welaýatynyň ýaş küştçüleri Tailandyň Bangkok şäherinde 7 — 17 ýaş
aralygyndaky çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýanyň
birinjiliginde medallaryň dördüsine mynasyp boldular.
Abraýly ýaryşdan gelen medallaryň ikisi küştüň rapid, galan ikisi hem blis
görnüşi boýunça gazanyldy. Rapid boýunça ýaryşlarda 7 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki 36-njy orta mekdebiň okuwçysy Maksat Awlýakulyýew 72 döwlete wekilçilik eden bäsdeşleriniň arasyndan saýlanyp, kümüş medala mynasyp boldy. Küştüň şu görnüşi boýunça 11 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa welaýat merkezindäki 31-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýa Baýramowa hem ýurda kümüş medal bilen dolanyp geldi. Ol bu üstünligi 39 döwletiň wekilleriniň arasynda gazandy.
Blis ýaryşlaryndaky medallar 9 ýaşa çenli gyzlaryň we 17 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda gazanyldy. Has takygy, bu ýaş derejeleriniň ilkinjisi boýunça Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Dünýä Ruslanowa 38 döwletden gatnaşýan bäsdeşlerinden saýlanyp, bürünç medalyň eýesi boldy. 17 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda bolsa welaýat merkezindäki 31- nji orta mekdepde bilim alýan Serdar Baýramow hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Ýeri gelende aýtsak, medal bilen dolanyp gelen türgenleriň ählisi Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde tälim alýarlar.