SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply küştçüler «Russiýanyň küşt täjinde» üstünlikli ýaryşdylar

Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda geçirilen «Russiýanyň küşt täji» atly halkara festiwalynda türkmen küştçüleri üstünlikli çykyş edip, öňdäki orunlary eýelediler. Dünýäniň 20-den gowrak döwletinden 500-e golaý küştçiniň gatnaşmagynda geçirilen bu ýaryşda biziň welaýatymyzyň wekilleri hem aýratyn tapawutlanyp, ýokary netijeleri görkezmegi başardylar.
Zenan küştçüleriň arasynda çykyş eden küştüň Lebap mekdebiniň uçurymy, FIDE-niň zenanlar boýunça ussatlyga dalaşgäri Leýla Şöhradowa «A» derejeli nusgawy küşt ýaryşynda iň güýçli bäşligiň hataryna girdi. Şeýle hem türkmenabatly ýaş küştçi Mähri Agamyradowa «D» derejeli ýaryşda zenanlaryň arasynda birinji orny eýeläp, uly üstünlik gazandy. Türkmenabatly Jahan Rejebowa bolsa «C» derejesiniň blis ýaryşynda 16 ýaşdan kiçi ýetginjekleriň arasynda üçünji orny eýeledi. Şeýle-de FIDE-niň zenanlar boýunça ussady Lala Şöhradowa öz reýtingini 22 utuk artdyrmagy başardy.
Ýaryşda lebaply küştçi Wepaly Halynyýazow hem halkara reýtingini 35,8 utuk ýokarlandyrdy. Ýaşlaryň gazanan üstünlikleri welaýatymyzda küşt sportunyň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle üstünlikler ýaş küştçüler üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny görkezýär.