Lebaply küştçüler Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde Gazagystanyň Kokşetau şäherinde geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşdylar. Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň çakylygy boýunça 18-nji maý — 2-nji iýun aralygynda Küşt öýüniň binasynda geçirilen ýygnanyşygyň esasy maksady milli ýygyndymyzy 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlamakdan, türgenleriň sport ussatlygyny ýokarlandyrmakdan we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat boldy. Okuw-türgenleşik işleri halkara grossmeýster Aleksandr Rahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilip, türgenlere «pozision küşt» usullary, dogry pikirlenmek, toparlaýyn oýna we ýaryşlara psihologik taýdan taýýarlanmak boýunça sapaklar berildi.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş kätibi Mergen Kakabaýewiň bellemegine görä, türgenleşikler işjeň häsiýetde geçip, günde 6-7 sagada çenli dowam etdi. Milli ýygyndymyzyň Aşgabada dolananyndan soň hem Aleksandr Rahmanow bilen goşmaça onlaýn-sapaklary geçmegi meýilleşdirilýär. Gazagystana saparyň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary 3–11-nji iýun aralygynda Aktobe şäherinde geçiriljek «Wladimir Dworkowiçiň hatyrasyna bagyşlanan — Aktobe Open 2024» halkara küşt ýaryşyna hem gatnaşar. Ýaryşda 21 döwletden küştçiler, şol sanda 23 grossmeýster güýç synanyşar, baýrak gaznasy 100 müň ABŞ dollaryna deňdir.
Lebaply küştçüler milli ýygyndymyzyň hatarynda Gazagystanda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdiler
03
Jun

