Şu günler Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň küşt boýunça Gran-pri tapgyrynyň demirgazyk sebitdäki ýaryşy dowam edýär. Açyk toparçada we zenanlaryň arasynda geçirilýän ýaryşa lebaply küştçüler hem gatnaşýarlar.
Yzda galan üç tapgyrdan soň açyk toparçada 8 küştçi 3 utuk toplady. Olaryň arasynda Lebap welaýatyndan Ilhan Çaryýew dördünji, Serdar Baýramow ýedinji orny eýeleýär. Türkmenabatdaky ýaryşda hormat münberine çykan Jahan Rejebowa bolsa 2,5 utuk bilen, häzirlikçe, dokuzynjy orunda.
Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda üç tapgyrdan soň dört küştçüde 3 utukdan bar. Küştüň Lebap mekdebiniň uçurymy Leýla Şöhradowa bu toparçanyň başyny çekýär.
Lebaply küştçüler Gran-priniň Daşoguz ýaryşynda üstünlikli çykyş edýärler
09
Sep
