Lebaply küştçüler Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Gran-pri ýaryşlar ulgamynyň Aşgabat tapgyrynda üstünlikli çykyş edip, zenanlar derejesinde birinji we ikinji orunlary eýelediler. Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport boýunça Baş müdirligine degişli ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň binýadynda 4 — 8-nji maý aralygynda geçirilen ýaryş Halkara küşt federasiýasynyň düzgünlerine laýyklykda, şweýsar ulgamynda 9 tapgyr boýunça, halkara reýtingi göz öňünde tutulyp geçirildi.
Ýaryşa 270-den gowrak küştçi gatnaşdy. Onuň netijelerine görä, zenanlar derejesinde Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň türgeni Aýa Baýramowa birinji orna mynasyp boldy. Şol sport mekdebiniň wekili Mähri Agamyradowa bolsa zenanlar derejesinde ikinji orny eýeledi. Açyk derejede Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň wekili Annamuhammet Hommadow 9 oýundan 9 ýeňiş gazanyp, birinji orny eýeledi. Bu derejede ikinji orna Aly Ahmedow, üçünji orna bolsa Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň wekili Şahruh Turaýew mynasyp boldy. Zenanlar derejesinde üçünji orny Aşgabat şäherindäki «Küşt älemi» akademiýasynyň wekili Nurana Söýünowa eýeledi.
Lebaply küştçüler Gran-pri tapgyrynyň ilkinji ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler
11
May

