SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply küştçüler Gran-pri tapgyrynyň finalynda baýrakly orunlara eýe boldular

Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň «Gran-pri» ýaryşynyň final tapgyry Lebap welaýatyndan gatnaşan ýaş küştçüleriň üstünlikleri bilen aýratyn tapawutlandy. Zenanlaryň toparynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Leýla Şöhradowa ähli garşydaşlaryny ýeňip, ynamly ýeňiş gazanyp, ýaryşyň altyn medalyna we 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Ýokary ligasyna göni ýollanmaga mynasyp boldy. Şeýle-de Türkmenabat şäherindäki 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Gülmira Seýilhanowa tutanýerli çykyş edip, üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda ýeňiş gazanyp, bürünç medalyň eýesi boldy.
Erkekleriň açyk toparynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Şageldi Gurbandurdyýew hem üstünlikli çykyş edip, güýçli garşydaşlaryny ýeňip, bürünç medal bilen sylaglandy. Ýaryşyň dowamynda ol çärýek finalda Gran-priniň birnäçe saýlama tapgyrynyň ýeňijisi bolan Mergen Kakabaýewi ýeňmegi başardy. Şeýle netijeler Lebaply küştçüleriň ýokary taýýarlygyny, welaýatymyzda küşt oýnuna bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny we ýaş zehinleriň üstünlikli kemala gelýändigini aýdyň görkezdi.