SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply küştçüler Gran-pri tapgyryna üstünlikli girişdiler

Ýurdumyzda badalga berlen küşt boýunça Gran-pri tapgyrynyň täze möwsümine Lebap welaýatynyň ussat türgenleri uly üstünlikler bilen girişdiler. Erkekleriň we zenanlaryň gatnaşmagyndaky açyk toparda welaýatymyzyň wekillerinden Gurbanmyrat Rüstemow altynjy, Jahan Rejebowa ýedinji we Sanjar Gaýbullaýew onunjy orunlary eýeläp, ilkinji onluga girmegi başardylar. Bu bolsa sebitde küşt sportunyň ýokary derejede ösýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Zenanlaryň arasyndaky aýratyn toparda bolsa lebaply küştçüler garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik galdyrman, öň wezipeleri eýelediler. Türkmenabatly Aýa Baýramowa bilen Mähri Agamyradowa mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk toplap, birinji we ikinji orunlary özara paýlaşdylar, şeýle hem Gülmira Seýilhanowa dördünji, Nebahat Muradowa bolsa onunjy orna mynasyp boldy. Ýaryşyň öňümizdäki düşelgeleriniň biriniň Türkmenabat şäherinde geçiriljekdigi bolsa muşdaklaryň buýsanjyny has-da artdyrýar.