SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply küştçüler Gran-pri tapgyryna üstünlikli başladylar

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Gran-pri ýaryşynyň Aşgabat şäherinde geçirilen birinji tapgyrynda ildeşlerimiz üstünlikli çykyş etdiler. Iki toparda geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň iň güýçli küştçi erkeklerini we zenanlaryny öz içine alýan açyk toparda Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň uçurymy Lala Şöhradowa, mümkin bolan, 9 utukdan 7 utuk toplap, ikinji orna mynasyp boldy. Türkmenabat şäherinden Serdar Baýramow bolsa şu toparda üçünji orny eýeledi. Zenanlaryň arasyndaky toparda bolsa Türkmenabat şäherinden Gülmira Seýilhanowa ikinji orny eýeledi.
Ýaryş alty tapgyrdan ybarat bolar. Bu tapgyrlaryň biri Türkmenabat şäherinde hem geçiriler.
Her toparda öňdäki 16 orny eýelän küştçüler ýaryşyň paýtagtymyzda geçiriljek final bölegine
gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Ýaryşyň ýeňijisine 2026-njy ýylda geçiriljek milli ýaryşlarda,
hususan-da, ýokary ligada artykmaçlyk berler.