SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply küştçüler Birinji liganyň esasy ýaryşyna gatnaşýarlar

Şu günler paýtagtymyzda küşt boýunça Birinji liganyň esasy ýaryşy dowam edýär. Oňa erkek türgenler bilen bir hatarda tejribesini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň iň güýçli zenan türgenleri hem gatnaşýarlar.
Şu habarymyz taýýarlanylýança, ligada 8 tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Häzirlikçe, Lebap welaýatyndan Ilhan Çaryýew 6,5 utuk bilen birinji, küştüň Lebap mekdebiniň uçurymy, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Lala Şöhradowa 6 utuk bilen dördünji, dänewli küştçi Şageldi Kurbandurdyýew hem şonça utuk bilen altynjy, ýene-de Dänew etrabyndan Leýla Şöhradowa 5,5 utuk bilen sekizinji, ýene şonça utuk toplan Jahan Rejebowa we Mähri Agamyradowa (ikisi hem Türkmenabat şäherinden) dagylar dokuzynjy we onunjy orunlary eýeleýärler. Häzirki ýaryşa 70 türgen gatnaşýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: