SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply küştçüler Aziýanyň birinjiliginde iki medal gazandylar

Lebap welaýatyndan bolan türkmen küştçüleri Maksat Öwlýägulyýew we Aýa Baýramowa dagy Bangkokda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçen rapid boýunça Aziýa birinjiliginde iki kümüş medal gazandylar.
Taýlandyň paýtagtynda geçirilen bäsleşige 31 ýurtdan 555 okuwçy gatnaşdy. Olar 7, 9, 11, 13, 15 we 17 ýaşa çenli alty ýaş toparynda «Iň ökde» diýen at ugrunda bäsleşdiler.
12-nji belgi bilen çykyş edýän Maksat Öwlýägulyýew 9 ýaşa çenli oglanlar
toparynda kümüş medal gazandy. 4-nji belgi bilen çykyş edýän gazagystanly Amirjan Anetow hem şonça utuk gazandy, ýöne ol şahsy oýunda ýeňiş gazanandygy sebäpli, iň ýokary derejeli baýraga mynasyp boldy. Bürünç medaly bolsa gazagystanly başga bir küştçi – öňde barýanlardan ýarym utuk yza galan 5-nji belgili Alihan Nazarbek aldy.
9-njy belgi bilen çykyş edýän 10 ýaşly Aýa Baýramowa 11 ýaşa çenli gyzlar
toparynda kümüş medal gazandy. Mümkin bolan 7 utukdan 6 utuk toplap, ol diňe ýaryşyň ýeňijisi hytaýly Peň Žiňýiden (3 belgili) bary-ýogy ýarym utuk yza galdy. 1-nji belgili russiýaly Wiktoriýa Mahina bolsa 5 utuk bilen ilkinji üçlügiň soňky hataryny eýeledi.