Lebap welaýatynyň körpe küştçüleriniň 34-si şu günler paýtagtymyzda 8, 10 12 12 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşýarlar.
Olaryň arasynda ukyp-başarnygyny halkara ýaryşlarda ykrar etdiren küştçüler hem bar.
Halkara ýaryşda gündogar sebitiň ýaş küştçülerine Türkmenabat şäherinden tejribeli tälimçiler Güljana Owlýakulyýewa bilen Zumrat Açylowa, şeýle hem olaryň çärjewli kärdeşi Maral Rozyýewa ýolbaşçylyk edýär. Eýýäm ilkinjiduşuşyklar türkmen küştçüleriniň daşary ýurtly bäsdeşlerine garanyňda tejribelidigini görkezýär.
18-nji iýuna çenli dowam etjek ýaryş küştüň rapid we blitz görnüşleri boýunça geçirilýär. Oňa Ýer ýüzüniň 11 döwletiniň iň zehinli körpe küştçüleri gatnaşýarlar.
Lebaply küştçüler Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşýarlar

16
Jun