SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply kuraşçylar Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşda 5 medal gazandylar

Lebap welaýatynyň ýaş kuraşçylary ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Ürgenç şäherinde 2008 ― 2009-njy ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda geçirilen halkara ýaryşda medallaryň bäşisine mynasyp boldular. Ýaryşda ýaşlar ýygyndymyzyň ýeke-täk altyn medalyny hem lebaply türgeniň gazanandygyny aýratyn bellemek gerek.
Has takygy, 55 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Köýtendag etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň okuwçysy Atajan Salihow öz agram derejesinde hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdy. Türkmenabat şäherindäki 21-nji orta mekdepden Leýli Ýusubowa (52 kilograma çenli agram derejesinde), Nurana Mergenowa (57 kilograma çenli agram derejesinde), Saýat etrabyndaky 14-nji orta mekdepden Humaý Jumadurdyýewa (63 kilograma çenli agram derejesinde), şol etrapdaky 1-nji orta mekdepden Maýa Rozyýewa (63 kilogramdan ýokary agram derejesinde) dagy bolsa halkara ýaryşdaky çykyşyny bürünç medal bilen tamamladylar.
Halkara ýaryşda zenanlar ýygyndymyza türkmenabatly ussat tälimçi Şirin Kubaýewa ýolbaşçylyk etdi.