Türkmen türgenleri kuraş boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä
çempionatynda medallaryň ýedisine mynasyp boldular. Çempionata gatnaşmak
üçin Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherine 34 döwletden 140 pälwan ýygnandy.
Kuraş biziň ýurdumyzda iň köpçülikleýin ýaýran we türgenlerimiziň üstünlikli
çykyş edip bilýän sport görnüşleriniň biridir. Munuň şeýledigini türkmen
pälwan ýigitleri we gyzlary geçen ýyl paýtagtymyzda geçirilen dünýä
çempionatynda hem aňryýany bilen subut etdiler. Şu ýyl bolsa olar Eýranda
geçirilen Aziýanyň çempionatyndan medallaryň uly toplumy bilen dolanyp
geldiler. Mongoliýada geçirilen dünýä çempionatynda bu üstünlikleriň üstüni
ýetginjek türgenlerimiz hem ýetirdi.
Ýaryş iki ýaş derejesinde ― 14 we 15, 16 we 17 ýaşly türgenleriň arasynda
geçirildi. Ýygyndy toparymyz dünýä çempionatyndaky ýeke-täk altyn medalyny
14 ― 15 ýaşly türgenleriň arasynda gazandy. Has takygy, 42 kiograma çenli
agram derejesinde düşekçä çykan Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň 10-
njy synp okuwçysy Ýazmyrat Artykow bäsdeşleriniň ählisinden üstün çykyp, öz
agram derejesinde dünýäniň täze çempiony boldy.
Bu ýaş derejesinde ildeşlerimiz bürünç medallaryň üçüsini gazandylar. Has
takygy, Çärjew etrabynyň 64-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy
Orazmuhammet Orazow, Türkmenabat şäheriniň 29-njy orta mekdebiniň 10-
njy synpynda okaýan Serdar Kabulow we Türkmenabat şäheriniň 21-nji orta
mekdebinden Nurana Mergenowa dagylar, degişlilikde, 55, 60 hem-de 57
kilograma çenli agram derejelerinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna
çykdylar.
Biziň ildeşlerimiz uly ýaş toparynda hem üç medal gazandylar. Gyzlaryň
arasynda 70 kilograma çenli agram derejesinde Saýat etrabynyň 14-nji orta
mekdebinden şu okuw ýylynda uçurym boljak ezber türgen Nurana Hezretowa
diňe finalda ýeňlip, kümüş medalyň eýesi bolan bolsa, Türkmenabat
şäherindäki 4-nji orta mekdepden Leýli Bahadyrowa 52, Nurana bilen bir
mekdepde bilim alýan Humaý Jumadurdyýewa bolsa 63 kilograma çenli agram
derejesinde bürünç medala mynasyp boldular.
Türgenlerimizi dünýä çempionatyna Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri
Dörtguly Tejenow bilen Şirin Kubaýewa taýýarlady.
Lebaply kuraşçylar dünýä çempionatynda alty medala mynasyp boldular

09
Dec