Aşgabat şäherinde geçirilen küşt boýunça halkara ýaryşda lebaply körpe küştçüler medallaryň 6-syna mynasyp boldular. Olar altyn, kümüş we bürünç medallaryň her haýsyndan ikisini eýelediler.
Ýaryş küştüň çalt oýnalýan görnüşleri bolan rapid we blitz boýunça geçirildi. Gündogarly körpe küştçüler bu görnüşleriň her haýsyndan 3 medal gazandylar. Rapid görnüşi boýunça 8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda dänewli belli tälimçi Rozmyrat Kurbandurdyýewiň şägirdi Bägül Jumaýewa özbegistanly bäsdeşinden bary-ýogy 1 utuk yza galyp, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. 10 ýaşly gyzjagazlaryň arasynda bolsa türkmenabatly küştçi Dünýä Ruslanowa bürünç medalyň eýesi boldy. Kümüş medal üçin oňa ýarym utuk ýetmedi. Rapid ýaryşlarynda 10 ýaşly oglanlaryň arasynda
Türkmenabat şäherinden Maksat Awlýakulyýew kümüş medala mynasyp boldy.
Welaýatymyzyň körpe küştçüleriniň blitz boýunça ýaryşlarda has netijeli çykyş edendiklerini nygtamak gerek. Olar bu görnüşde altyn medallaryň ikisini eýelediler. Has takygy, 10 ýaşly gyzlaryň arasynda Dünýä Ruslanowa bu gezek hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykan bolsa, şeýle üstünlige 12 ýaşly gyzlaryň ýaryşynda Aýa Baýramowa hem eýe boldy. 8 ýaşly gyzlaryň arasynda Laçyn Isaýewa bolsa ýaryşy bürünç medal bilen tamamlady.
Halkara ýaryşda gündogar sebitiň ýaş küştçülerine Türkmenabat şäherinden tejribeli tälimçiler Güljana Owlýakulyýewa bilen Zumrat Açylowa, şeýle hem olaryň çärjewli kärdeşi Maral Rozyýewa ýolbaşçylyk etdi.
Lebaply körpe küştçüler Aşgabatda geçirilen halkara ýaryşda 6 medal gazandylar

19
Jun