Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Bu hormatly ada Lebap welaýatyndan jemi 31 zenan mynasyp boldy.
Hormatly ada mynasyp bolanlaryň arasynda Türkmenabat şäherinden 7, Dänew etrabyndan 2, Farap etrabyndan 2, Saýat etrabyndan 1, Garabekewül etrabyndan 2, Halaç etrabyndan 5, Kerki etrabyndan 4, Hojambaz etrabyndan 2, Döwletli etrabyndan 5 hem-de Köýtendag etrabyndan 1 zenan bar. Hormatly ada mynasyp bolan enelere degişli nyşan we şahadatnama gowşurylýar.
Lebaply köp çagaly zenanlaryň 31-sine «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy
09
Mar

