MEDENIÝET

Lebaply kompozitor täze eserleri döredýär

 Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň halypa mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Batyr Soltanow golaýda hor üçin “Garaşsyzlyk barada ballada” atly eserini tamamlady.

 Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň

Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň,

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň, şahyrlar Hudaýguly Gurbanowyň, Myrat Ömüriň goşgularyna halk tarapyndan gyzgyn garşy alnan aýdymlaryň onlarçasyny döretdi.

 Onuň döreden aýdymlaryny, esasan, Türkmenistanyň halk artistleri Atajan Berdiýew, Dilber Rahmanowa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Dosmämmet Söýünow, Daňatar

Gurbanow, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Gözel Joraýewa ýaly ussat aýdymçylar ýerine ýetirýärler. Ol welaýatyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda goýlan spektakllaryň 11-si üçin saz ýazdy. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň hor topary, “Miras” halk saz

gurallary orkestri, “Owaz” akapella topary, kamera orkestri üçin saz eserlerini döretdi. 

 Ol 1969-197 ýyllarda Türkmenabat şäherindäki 5-nji orta mekdepde, 1977–1981-nji ýyllarda welaýat ýörite sungat mekdebinde okaýar. 1981-nji ýylda hem Aşgabat şäherindäki şol wagtky Türkmen döwlet pedagogik sungat institutyna okuwa girýär we ony kompozitor hünäri boýunça üstünlikli tamamlaýar. 1988-nji ýyldan häzirki wagta çenli hem welaýat ýörite sungat mekdebinde sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminde talyplara sapak berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: