Täze ýylyň bosagasynda welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Jemal Reýimowa geçip barýan ýylyň özünde galdyran mähirli ýatlamalary barada pikirlerini paýlaşdy. Onuň bellemegine görä, ýylyň dowamynda ýurdumyzda gazanylan ýeňişler, şanly seneler hem-de döwlet we halkara derejeli çäreler mynasybetli geçirilen dabaraly konsertler ruhy dünýäni galkyndyryp, hemişelik Bitaraplyga bagyşlanan aýdym-sazlaryň dürli festiwallarda ýaňlanmagy şanly ýyla aýratyn bezeg berdi.
Jemal Reýimowa şeýle-de zenanlaryň Awazada «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata gatnaşmagyny ýylyň ýatda galyjy wakalarynyň biri hökmünde belledi. Ol Täze ýylyň eneleriň kalby ýaly gözel, mähriban hem-de abadan bolmagyny arzuw etdi.
Lebaply kompozitor 2025-nji ýylda özi üçin ýakymly wakalary ýatlady
25
Dec
