MEDENIÝET

Lebaply kitaphanaçylar telebäsleşigiň finalyna gatnaşmaga hukuk gazandylar

Lebap welaýat kitaphanasynyň topary ýurduň kitaphana işgärleriniň arasynda geçirilýän «Akyl giňişligi» atly bäsleşigiň final tapgyryna çykdy. Bu bäsleşigiň guramaçylary bolup Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymy hereket edýär. 6 kitaphanaçydan ybarat bolan welaýatymyzyň topary deslapky tapgyrlarda Mary welaýatyndan we Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan gatnaşýan
kärdeşlerini ýeňdiler. Şunda sowallaryň diňe kitaphana ulgamy boýunça bolman, eýsem, dürli ugurlardan berilýändigini aýtmak gerek. Lebaply kitaphanaçylar bäsleşigiň ýeňijisi bolmak üçin final oýnuny Daşoguz welaýat kitaphanasyndan gatnaşýan kärdeşleri bilen güýç synanyşarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: