MEDENIÝET

Lebaply kitaphanaçylar meşhur telegepleşigiň Kubogyna mynasyp boldular

Türkmenistanyň Bilim hem-de Medeniýet ministrlikleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we
kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda geçirilýän «Akyl
giňişligi» telebäsleşiginiň ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasyndaky tapgyry geçirildi.
Lebap welaýaynyň kitaphana işgärlerinden düzülen toparyň bäsdeşleriniň ählisinden üstün
çykyp, Baş baýraga we kuboga mynasyp bolmaklary aýratyn buýsandyryjydyr. Bäsleşige
gatnaşan toparyň ýolbaşçysy Akjagül Şamuhammedowanyň belleýşi ýaly, «Akyl giňişligi»
bäsleşiginde gazanylan üstünlik welaýat kitaphanasynyň agzybir işgärleriniň ählisiniň bilelikde
gazanan ýeňşidir. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: