Lebaply kitaphanaçylar döwlet derejesindäki usuly-amaly maslahat gatnaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň guramagynda sanly ulgam arkaly usuly-amaly maslahat geçirildi.
Oňa welaýat kitaphanasynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Maslahatda kitaphana işini zamanabap derejede guramak, kitaphanalara okyjylary çekmek boýunça pikir alşyldy. Şonuň ýaly-da çärede obadyr şäherlerdäki kitaphana şahamçalarynyň hünärmenlerine usuly kömek bermek, olaryň iş tejribelerini baýlaşdyrmak meselelerine garaldy. Maslahat hemmeler üçin örän ähmiýetli boldy.