JEMGYÝET

Lebaply kitaphana işgäri baş baýragyň eýesi boldy

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýurduň kitaphanalarynyň arasynda kämil iş tejribelerini ýaýratmak, iň göreldeli kitaphanaçylary ýüze çykarmak maksady bilen hünär bäsleşigi yglan edilipdi.

 Golaýda Aşgabat şäherinde ýurduň ähli welaýatlarynyň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda şu bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Lebap welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Amangözel Tagandurdyýewa döwlet bäsleşiginde şowly çykyş etdi. Ol bäsleşigiň ähli şertlerini dürs we takyk ýerine ýetirip, öňe saýlandy we baş baýraga mynasyp boldy.

 Lebaply kitaphana işgäriniň bäsleşikde ýeňiji bolmagy onuň ýokary hünär ussatlygyndan, ukyp-başarnygyndan habar berýär.