Türkmenistanyň teleýaýlymynda “Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz” atly bäsleşige Türkmenistanyň ähli sebitlerinden bolan zenanlaryň arasynda geçirilýän SMS arkaly ses bermek başlandy.
Bäsleşik köpasyrlyk taryhly türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanýar.
Bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralýar.
Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy 0560 gysga belgä SMS iberip, ýa-da turkmentv.gov.tm web sahypasyna girip iň gowy görýän toparyna ses berip biler. Şu habarymyz taýýarlanylýança, Lebap welaýatyndan gatnaşýan keşdeçilere gelen SMS-ler üçünji orunda. Olara 2758 ses berlipdir. Birinji orny 6 müňe golaý ses bilen Daşoguz welaýatynyň keşdeçileri eýeleýär. Eger siz Lebap welaýatynyň keşdeçilerine ses bermek isleýän bolsaňyz, 0560 gysga belgä 422 ýazyp, SMS ugratmaly.
Toparlaryň çykyşlaryny web sahypada görüp bilersiňiz.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 19-njy oktýabrda sagat 10:00-da Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçiriler we ses berişligiň jemleri jemlener.