«Turkmen tv» web saýtynda Lebap welaýatynyň keşdeçilerine berilýän sesleriň sany barha artýar. Şu habarymyz taýýarlanylýança (takmynan, 18-nji oktýabr güni, sagat 15:45-e çenli) olara ses berlip, ugradylan SMS-leriň sany 6238-e çykdy. Ýöne bu mukdar heniz hem lebaply keşdeçileri bäsleşikde üçünji orunda galdyrýar.
Bäsleşigiň başyny heniz hem daşoguzly keşdeçiler çekýärler. Olaryň alan sesleri 9 müň 400-e golaýlady. Ikinji orunda bolsa 9 müň 250-ä golaý ses alan maryly keşdeçiler bar.
Lebaply keşdeçileri goldamak üçin 0560 gysga belgisine 422 ýazyp, SMS ugratmaly. Sesleriň hasabatyny şu salgydan görüp bilersiňiz.