YKDYSADYÝET

Lebaply hususyýetçiler Daşkentde geçirilen sergä gatnaşdylar

Ýakynda Daşkent şäherinde Türkmenistanda öndürilen dürli görnüşli önümleriň iki günlük sergisi geçirildi. Oňa Lebap welaýatynyň hususyýetçileri hem gatnaşdy.

Sergide Türkmenistanyň hususy düzümleriniň 60-synyň öndürýän önümlerine uly gyzyklanma bildirildi.

Hususyýetçiler dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän forumlardyr sergilere hem işjeň gatnaşýarlar. «Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň öndüren akkumulýatorlaryna bolsa ýakynda Italiýa Respublikasynda uly isleg bildirildi. Bu önümleriň uly tapgyry Italiýa eksport edildi. «Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynyň energetika pudagy üçin öndürýän önümleri hem daşary ýurtlarda hili we berkligi boýunça uly islegden peýdalanýar.