YKDYSADYÝET

Lebaply hususyýetçiler azyk önümlerini meýilleşdirileninden iki essä çenli kän öndürýärler

 Lebap welaýatynyň telekeçileri ýylyň başyndan bäri azyk önümleriniň öndürilişini artdyrdylar.

«Türkmen gündogary» gazetiniň habar berşi ýaly, etiň (diri agramda) we süýdüň öndürilişinde geçen ýylyň degişli döwri bilen bilen deňeşdirilende, 121 göterim ösüş gazanyldy. Ýumurtganyň öndürilişi bolsa 216 göterim artdy we söwda nokatlaryna iberilen bu azyk önüminiň mukdary 2 million 767 müňden geçdi.

Bu il-ýurt bähbitli işlere «Bereketli jaý» hususy kärhanasynyň, «Eşret», «Ýunus daýhan» daýhan hojalyklarynyň, telekeçiler Sergeý Kulýaрiniň we Jorakuly Hemraýewiň goşantlary uludyr. Şeýle ösüşler süýt, şöhlat we konditer önümleriniň öndürijiliginde hem gazanyldy. Ýyladyşhanalarda ýetişdirilen рomidoryň, hyýaryň, bolgar burçunyň, badamjanyň, kelemiň öndürilişi hem eр-esli artdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: