SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply hünärmen 2025-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy küşt tälimçisi hökmünde ykrar edildi

Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça yglan edilen «Ýylyň iň gowy tälimçisi» atly milli baýragyň eýeleri belli boldy. Ilkinji gezek gowşurylan bu abraýly baýraga ýurdumyzyň gündogar sebitine wekilçilik edýän Türkmenabat şäherinden tejribeli tälimçi Güljahan Öwlüýägulyýewa mynasyp görüldi. Şeýle hem bu baýraga Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýew eýe boldy.
Küşt äleminde köp ýyllaryň dowamynda netijeli zähmet çekýän Güljahan Öwlüýägulyýewanyň taýýarlan şägirtleri halkara we milli derejeli ýaryşlarda yzygiderli üstünlikli çykyş edip gelýärler. Onuň tälimçilik ussatlygy netijesinde, Lebap welaýatynyň ýaş küştçüleri döwlet we halkara derejelerindäki ýaryşlarda iň köp medal gazanýan türgenleriň hatarynda tanalýar. Bu milli baýrak tejribeli tälimçiniň ýurdumyzda intellektual sportuň ösmegine goşan saldamly goşandynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.