TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebaply harby we hukuk goraýjy işgärlere Ýaşlar baýragy gowşuryldy

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Lebap welaýatyndaky
müdirlikleridir bölümlerinde zähmet çekýänleriň ikisi 16-njy noýabr güni
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy.
Olar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça
müdrirliginiň Dänew etrap bölüminiň kiçi gözegçisi Sanjar Orazow bilen Köýtendag etrabynyň prokurorynyň kömekçisi Perhatberdi Mededowdyr.
Bu baýraga Türkmenistan boýunça ýaşlaryň 135-si mynasyp boldy. «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijisi ýene bir uly baýragyň eýesi boldy «Çalsana, bagşy!» atly aýdym-saz bäsleşiginiň 2023-nji ýylda döwlet tapgyrynyň ýeňijisi Kerim Annagulyýew ýene bir bir abraýly baýragyň eýesi boldy. Saýat etrap medeniýet bölüminiň Saýat şäher medeniýet öýüniň müdiri bolup işleýän bagşy ýigit Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglanyldy.
Ýaşlar baýragyna mynasyp bolanlaryň arasynda aýdym-saz sungatynyň wekilleri
başga-da bar.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu baýraga lebaply ýaşlaryň 9-sy mynasyp boldy.