BILIM

Lebaply gyzlaryň üçüsi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi boldular

Lebaply gyzlaryň üçüsi: Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aýgözel Garlyýewa, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň şekillendiriş sungaty we çyzuw mugallymy Şemşat Saparowa, Darganata etrabynyň Gazojak şäherindäki 12-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Söýli Muhamowa dagylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi boldular.

Olar bu abraýly baýraga okuwda, ýaşlara bilim we terbiýe bermekde, medeniýetde we sungatda gazanan üstünlikleri, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşandyklary üçin mynasyp boldular. Aýgözel Garlyýewa okuwyndan daşary institutyň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýar, ylmy iş we çeper döredijilik bilen meşgullanýar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygider çykyş edýär. Şemşat Saparowa esasy işinden daşary Türkmenistanyň tebigatyny, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny suratlandyrýan eserleri döredýär. Ol Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, işleýän mekdebinde birnäçe gezek surat sergisini gurady. Söýli Muhamowa hem mekdebiň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmak bilen bir hatarda çeper döredijilik bilen hem meşgullanýar.

Baýraklar eýelerine Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabarada gowşuryldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: