YKDYSADYÝET

Lebaply geologlar täze gaz akymynyň üstüni açdylar

«Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde ýerleşýän Atabaý meýdançasyndaky 1-nji belgili baha beriş guýusynda burawlaýyş işleri üstünlikli tamamlandy. Taslama çuňlugy 1200 metr bolan bu guýuda geçirilen geologik gözleg-synag işleriniň netijesinde, aşaky we ýokarky mel döwrüne degişli gatlaklaryň 8 sanysynyň gazlydygy anyklanyldy.
Hünärmenleriň maglumatyna görä, guýynyň 1136 — 1134 metr aralygynda geçirilen barlaglarda bir gije-gündiziň dowamynda 284 müň metr kuba barabar bolan senagat ähmiýetli kükürtsiz tebigy gaz akymy alyndy. Häzirki wagtda bu guýyny önümçilige girizmek we sarp edijilere ugratmak maksady bilen, ony «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirligine tabşyrmak baradaky işler alnyp barylýar.