YKDYSADYÝET

Lebaply geofizikler täze tehnikalardan netijeli peýdalanýarlar

Lebap welaýat geofizika ekspedisiýasyna gelip gowşan Fransiýanyň «Sercel» kompaniýasynyň Nomad — 65 Neo kysymly emeli titrediji enjamlar bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 5 sanysy hem-de 508 XT kysymly seýsmiki geologik stansiýasy şu günki günde geologlarymyz tarapyndan netijeli ulanylyp, belent sepgitlere ýetilýär.
— Häzirki wagtda ýöriteleşdirilen täze enjamlaryň kömegi bilen Dänew etrabynyň çäklerinde degişli geologiýa-geofiziki barlag işleri üstünlikli ýola goýuldy. Welaýat geofizika ekspedisiýasynyň 61-nji geofiziki tapgyrynyň işgärleri 1 müň 60 kilometre barabar Kazyguýy we oňa ýanaşyk meýdançalarda seýsmiki barlag işlerini geçirýärler. Geologiki barlag işleri şu ýylyň birinji çärýeginden başlandy. Emeli titrediji enjamlar oturdylan tehnikalar biri-birinden 50 metr aralykda ýerleşdirilip, birbada tolkun döredilýär. Olaryň birisi ätiýaçlykda saklanylyp, galan 4-siniň gatnaşmagynda goýberilýän maýyşgak tolkunyň energiýasy Ýer gabygynyň 3 müňden 6 müň metr çuňlugyna çenli ýetirilýär we yzyna serpikdirilýär. Barlag geçirilýän meýdanda ýerleşdirilen seýsmiki kabul edijiler her 3-4 kilometr aralykdaky yzyna serpikdirilen tolkuny fiziki görnüşde kabul edip, seýsmiki stansiýa goýberýär. Şol ýerde kabul edilen tolkunlar seýsmogramma arkaly toplanylýar. Alnan maglumatlara görä, seljeriş işlerini geçirip, Ýer gabygynyň wagt görnüşinde kesimini alýarys. Ýer gabygynyň daýanç gatlaklary boýunça geologik şekilini öwrenýäris — diýip, welaýat geofizika ekspedisiýasynyň baş geology Maksat Jepbarow welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.