JEMGYÝET

Lebaply gelin-gyzlar «Gülüň owadan!» bäsleşiginiň döwlet tapgyryndan üçünji baýrakly orun bilen dolandylar  

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guran bu bäsleşigi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Toý mekany» medeni-dynç alyş merkezinde geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabatdan çeper elli, zähmetsöýer zenanlar gatnaşdylar. Saýat etrabynyň Sakar şäher çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň usulçy-guramaçysy Maýa Annakowa we Saýat etrabynyň Sakar şäher çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Maýsa Ýazmyradowa hem bäsleşigiň bellenen şertleri boýunça üstünlikli çykyş etdiler we 3-nji orny eýelediler.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: