YKDYSADYÝET

Lebaply gazy gaýtadan işleýjiler suwuklandyrylan gazyň eksportyny artdyrýarlar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik» müdirliginiň agzybir hünärmenleri geçen ýyly ýokary netijeler bilen jemlediler. Tamamlanan ýylda müdirlik boýunça suwuklandyrylan gazyň 116,6 müň tonnadan gowragy öndürilip, bu baradaky meýilnama 104,6 göterim berjaý edildi. Gymmatly önümiň 103,4 müň tonna golaýy bolsa eksport edildi we degişli meýilnama 106,2 göterim ýerine ýetirildi. Harytlyk önümiň şonça möçberi goňşy Owganystan döwletine ugradyldy. Howanyň häzirki sowuk günlerinde bu ýurda eksport edilýän ýangyjyň möçberi artdyrylýar.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: