YKDYSADYÝET

Lebaply gazçylara täze awtobuslar sowgat berildi

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Ulaglar kärhanasy öz maddy-tehniki binýadyny täze 11 sany «Dong Feng EQ 6820 ZT» kysymly ýolagçy awtobuslary bilen baýlaşdyrdy. Şu günki gün bu awtobuslar eýýäm gazçylary gatnatmaga girişip, kärhananyň ýolagçy awtobuslarynyň umumy sanyny 27-ä ýetirdi. Hytaýda öndürilen, 22 ýolagça niýetlenen bu ulaglar sähralyga we geçmesi kyn ýerler üçin ýöriteleşdirilen ýokary geçijiligi bilen tapawutlanýar. Munuň özi işçileri Garagumuň jümmüşindäki «mawy ýangyç» ýataklaryna bökdençsiz gatnatmaga giň şert döredýär.
Täze awtobuslaryň hyzmat ulgamyna goşulmagy gaz çykaryjy kärhanada işleýän işgärleriň iş we ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Gazçylara döredilýän bu mümkinçilikler olaryň zähmetine aýratyn ruh berýär.